Garaşyň

logo logo logo

toplum barada

Berkarar Döwletimiziň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmen Halkynyň bol elin asuda abadan durmuşda ýaşamaklary we ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň berk bedenli, Watansöýüji, fiziki hem-de ruhy taýdan sagdyn ýaşlaryň kemala gelmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Paýtagtymyzda, Welaýatlarda täze döwrebap dünýä ülňülerine gabat gelýän sport desgalary raýatlarymyza hyzmat edýär. Şeýle ajaýyp sport desgalarynyň hatarynda Paýtagtymyzda ýerleşýän Gyşky oýulnalar sport toplumyny aýratyn bellemek gerek. Dünýä ülňülerine gabat gelýän bu ajaýyp sport toplumy 2011-nji ýylyň oktýabr aýynda açyldy.

Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň ak pata bermeginde açylyp ulanylmaga berlen bu sport toplumy 2-sany, buzly arenadan ybarat bolup uly buzly arena 10 000 tomaşaçyny kabul etmäge müňkinçiligi bar. Uly buzly arena 30 x 60 metr, kiçi buzly arena 26 x 56 metr ybarat bolup, 267-tomaşaçyny özünde jemleýär. Gyşky oýunlar sport toplumynda türgenlere we raýatlarymyza hyzmat etmäge giň mümkinçilikler bar. Tehniki otaglar, eşik çalşyrylýan otag, 1040 adamlyk konkileri kreýine alyş nokady, iki sany türgenleşik zaly, 100 adamlyk pressa merkezi, figuristlar üçin horeografiýa we akrobat zallary, iş otaglary, fedarasiýanyň agzalarynyň maslahat zaly, sport kluby, kafe-bar, kafe, wideosalon bardyr. Şeýle hem administrasiýa üçin otaglar, lukman otaglary, ilkinji lukmançylyk kömegini beriş otagy, we ýylyň bütin dowamynda her hepdäniň ýekşenbe (dynç günleri) buzda typmaga isleg bildirýän dürli ýaşdaky raýatlarymyz üçin mümkinçilik döredilen. Ilatyň arasynda fiziki işjeňligi artdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek sport bilen meşgullanmakda Türkmen sportynyň şan-şöhradyny dünýä ýaýmakda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Türkmen sportyny sungat derejesine ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

picture
picture
picture