Garaşyň

UMUMY MAGLUMAT

Berkarar Döwletimiziň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmen Halkynyň bol elin asuda abadan durmuşda ýaşamaklary we ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň berk bedenli, Watansöýüji, fiziki hem-de ruhy taýdan sagdyn ýaşlaryň kemala gelmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Paýtagtymyzda, Welaýatlarda täze döwrebap dünýä ülňülerine gabat gelýän sport desgalary raýatlarymyza hyzmat edýär. Şeýle ajaýyp sport desgalarynyň hatarynda Paýtagtymyzda ýerleşýän Gyşky oýulnalar sport toplumyny aýratyn bellemek gerek. Dünýä ülňülerine gabat gelýän bu ajaýyp sport toplumy 2011-nji ýylyň oktýabr aýynda açyldy.

Buz Arenalary

KIÇI BUZLY ARENA

Bu arena 26 x 56 metr ölçegde bolup, türgenleriň türgenleşigi üçin ulanylýar.

ULY BUZLY ARENA

Uly buzly arena 30 x 60 metr bolup 10 000 tomaşaçy kabul edip bilýär.

Gyşky oýunlar sport toplumynda türgenlere we raýatlarymyza hyzmat etmäge giň mümkinçilikler bar. Tehniki otaglar, eşik çalşyrylýan otag, 1040 adamlyk konkileri kreýine alyş nokady, iki sany türgenleşik zaly, 100 adamlyk pressa merkezi, figuristler üçin horeografiýa we akrobat zallary, iş otaglary, federasiýanyň agzalarynyň maslahat zaly, sport kluby, kafe-bar, kafe, wideosalon bardyr.

Şeýle hem administrasiýa üçin otaglar, lukman otaglary, ilkinji lukmançylyk kömegini beriş otagy, we ýylyň bütin dowamynda her hepdäniň ýekşenbe günleri buzda typmaga mümkinçilik döredilýär.

Ilatyň arasynda fiziki işjeňligi artdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek sport bilen meşgullanmakda türkmen sportynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda ähli şertler döredilýär.